Ylmy-amaly maslahatlar

89

Türkmen döwlet maliýe institutynda ýylyň-ýylyna ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli, şeýle hem kafedralaryň guraýan hepdelikleriniň çäklerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Ylmy-amaly maslahatlarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň hünärmenleriniň ylmy nutuklary boýunça çykyşlary diňlenilýär.

Şeýle hem Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, ylmy nutuklar boýunça çykyş edýärler.

Türkmen döwlet maliýe institutynda 2023-nji ýylyň dowamynda aşakdaky ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi:

T/bYlmy-amaly maslahatyň adyMeýilleşdirilen senesi
1WATAN GAHRYMANLARYNYŇ EDERMENLIGI – ÝURDUMYZYŇ ÝAŞ NESILLERI ÜÇIN NUSGALYK MEKDEBIDIR05.05.2023ý.
2ÝAŞYL TUGLY DIÝARYMYZDA SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ HUKUK ESASLARY12.05.2023ý.
3SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDE YLMYŇ ORNY09.06.2023ý.
4TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE-YKDYSADY WE BANK ULGAMLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY23.06.2023ý.
5ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞINI ÜPJÜN ETMEKDE BILIMIŇ EÝELEÝÄN ORNY30.08.2023ý.
6GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY22.09.2023ý.
7MILLI MANAT – MILLI BUÝSANJYMYZ01.11.2023ý.
8DIÝARYMYZYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK HUKUK DEREJESI – PARAHATÇYLYGYŇ, ERKANALYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILNAMASYDYR08.12.2023ý.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar. Professor-mugallymar we talyplar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn tertipde daşary ýurtlaryň guraýan ylmy maslahatlaryna, simpoziumlaryna hem işjeň gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalary boýunça çykyşlary edýärler.

Paýlaş

Ylmy gurnaklar

Türkmen döwlet maliýe institutynda ýylyň-ýylyna ýurdumyzda döwlet derejesinde [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309